RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WE BAHREÝN PATYŞALYGYNYŇ ARASYNDAKY PARLAMENTARA GATNAŞYKLARYŇ ÖSDÜRILMEGI

2020-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowanyň we Bahreýn Patyşalygynyň Milli Mejlisiniň Wekiller Geňeşiniň Başlygy Fawziýa Zaýnalyň arasynda onlaýn-duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň başynda gatnaşyklarda ýetilen sepgitler barada pikir alşyp, taraplar dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüşine we strategiki häsiýetine seretdiler. Şeýle-de, iki ýurduň arasyndaky ýola goýlan parlamentara gatnaşyklaryň ähmiýeti hem-de kanun çykaryjy edarala...

DOWAMY
pic
28 Okt

«TÜRKMENISTANYŇ NEBITI WE GAZY - 2020» HALKARA ÝUBILEÝ FORUMY ÖZ IŞINE BAŞLADY

2020-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2020» atly ýubileý XXV Halkara maslahaty öz işine başlady. Bu abraýly halkara forum «Тürkmengaz» we «Тürkmennebit» Döwlet konsernleri tarapyndan «Тürkmenforum» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Ýokary derejeli maslahata Türkmenistanyň ministrlikleriniň we ugurdaş pudak edaralarynyň, ýurtda işleýän diplomatik missiýalarynyň hem-de halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýerli, şonuň ý...

DOWAMY
pic
28 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN MALAÝZIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Malaýziýanyň Premýer-ministri Muhiddin Ýassiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti we Malaýziýanyň Hökümetiniň baştutany ilki başdan birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek hem-de ynanyşmak ýörelgeleri esasynda guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanmak bilen bellediler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň Pr...

DOWAMY
pic
27 Okt

GURLUŞYK-SENAGAT TOPLUMY

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňde goýlan strategik durmuş-ykdysady wezipeleri çözmek Türkmenistanyň gurluşyk, elektrik energetikasy, himiýa senagaty, gurluşyk önümçiligi we senagat ulgamynyň işiniň möhüm ugrudyr. Milli Liderimiz ýurdumyzda ykdysadyýetiň bu ulgamlaryny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Olara ägirt uly maýa goýumlarynyň goýulmagy, pudaklaryň netijeli işlemegi üçin göwnejaý şertleriň döredilmegi, kuwwatlyklarynyň yzygiderli artdyrylmagy, maddy-enja...

DOWAMY
pic
27 Okt

BMG-NIŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASY BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ ESASY UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen köpýyllyk özara hereketletiň giň toplumy boýunça netijeli durmuşa geçirilýändigini nygtadylar. Ulag, söwda, energetik...

DOWAMY
pic
27 Okt

TÜRKMENISTAN WE OWGANYSTAN HYZMATDAŞLYGYŇ ÄHLI UGURLARY BOÝUNÇA IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARYŇ ÖSDÜRILMEGINE YGRARLYDYRLAR

2020-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Administratiw edarasynyň başlygy Mohammad Şaker Kargar bilen göni wideo aragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Işjeň gepleşikleriň barşynda hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-owgan gatnaşyklaryň ýokary derejä eýe bolup durýandygy bellenildi. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň Baştutanynyň goň...

DOWAMY
pic
26 Okt

DAŞOGUZDA KÖPÇÜLIKLEÝIN WELOSIPED ÝÖRÜŞI GEÇIRILDI

25-nji oktýabrda ýurduň demirgazyk sebitiniň dolandyryş merkezinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan welosiped ýörüşi geçirildi. Ony Daşoguz welaýatynyň häkimligi hem-de Sport we ýaşlar syýasaty baş müdirligi guradylar. Welosiped ýörüşine sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň üç ýüze golaýy gatnaşdy. Ol şäheriň iň uzyn we owadan köçeleriniň biri bolan Görogly köçesinde geçirildi. Welosiped ýörüşinden soň Daşoguzyň sport mekdepleriniň wekilleriniň arasynda şosse welosiped...

DOWAMY